Ersin Tatar: "Grekleriň ýaraglanmagy sebitde hiç kime peýdasy bolmaz" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar grekleriň ýaraglanmagynyň sebitdäki hiç kime peýdasy bolmajakdygyny aýtdy

1963899
Ersin Tatar: "Grekleriň ýaraglanmagy sebitde hiç kime peýdasy bolmaz" diýdi

ABŞ-dan Kipriň Grek Bölegine akkreditirlenen Nikosiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Džuli D. Fişeri kabul eden Ersin Tatar, geçirilen duşuşykdan soň metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar ABŞ-dan Kipriň Grek Bölegine akkreditirlenen Nikosiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Džuli D. Fişeriň wezipä täze bellenmegi sebäpli duşuşandyklaryny we gepleşikler geçirendiklerini habar berdi. 

Fişere grekleriň ýaraglanmagyndan biynjalyk bolýandyklaryny ýetirendiklerini aýdan Ersin Tatar: "ABŞ-nyň ýarag embargosyny aýyrmagy bilen Kipriň Grek böleginiň ýaraglanmagy, Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygy artdyrjak oňaýsyz bir hadysa. Grekleriň ýaraglanmagy sebitde hiç kime peýdasy bolmaz. Şol garaýyşlarymyzy resmilere ýetirmek üçin Fişere aýdyp geçdim" diýip mälim etdi. 

Ersin Tatar grekler bilen resmi gepleşiklere başlanmagy üçin özygtyýar deňlik we deň halkara statusynyň ykrar edilmeginiň DKTR-nyň deslapky talabydygyny Fişere aýdandyklaryny habar berdi. 

Gepleşikleriň barşynda Gündogar Ortaýer deňizinde deňagramlyklaryň üýtgändigini, Kiprde iki tarapyň arasyndaky deňligiň we Türkiyäniň kepil geçen ýurt hökmünde üýtgeýän deňagramlyklar nukdaýnazarynda uly ähmiýete eýedigini aýdan Ersin Tatar, öz syýasatlaryna goldaw berilmegini isleýändiklerini aýan etdi. 

ABŞ-nyň Nikosiýa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fişer bolsa duşuşygyň konstruktiw we gowy geçendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #DKTR , #Ersin Tatar

Degişli Habarlar