Kiprli Woleýbolçylar Soňky Ýoluna Ugradyldy

Gözleg we halas ediş işlerinde jansyz bedenleri tapylan 8 okuwçy, 1 mugallym bilen 3 ata-ene soňky ýoluna ugradyldy.

1945510
Kiprli Woleýbolçylar Soňky Ýoluna Ugradyldy

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli Adyýamanda ýykylan Isias myhmanhanasynyň harabalygyndan çykarlan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň raýaty bolan 12 adamyň tabydy DKTR-na ugradyldy.

Adyýamandan DKTR-na ugradylan woleýbol komandasyndan 12 adamyň tabydy Erjan howa menzilinde garşylandy.

Gözleg we halas ediş işlerinde jansyz bedenleri tapylan 8 okuwçy, 1 mugallym bilen 3 ata-ene soňky ýoluna ugradyldy.

DKTR-dan 24-i türgen, 5-i mugallym we 6-sy ata-ene bolmak bilen jemi 35 adamlyk topar orta mekdepleriň arasynda geçirilýän sport bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Adyýamana gelipdi.

 



Degişli Habarlar