Sadyr Japarow, Prezident Erdogana Gynanç Bildirdi

Sadyr Japarow, ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.

1944045
Sadyr Japarow, Prezident Erdogana Gynanç Bildirdi

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň dünýäniň çar tarapyndan Prezident R. T. Erdogana duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Prezident Erdogana telefon edip, ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýogalanlaryň hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa diledi.

Sadyr Japarow, Gyrgyzstanyň doganlyk ýurt Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýändigini we ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar