Aliýew: Azyndan 100 Ýyla Ýeterlik Gazymyz Bar

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew 2027-nji ýyla çenli Ýewropa edilýän gaz eksportuny iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

1941766
Aliýew: Azyndan 100 Ýyla Ýeterlik Gazymyz Bar

Aliýew: “Bize we hyzmatdaşlarymyza azyndan 100 ýeterlik tebigy gaz ätiýajymyz bar” diýdi.

Bakuwda “Günorta gaz geçelgesiniň 9-njy maslahaty” geçirildi.

Aliýew maslagatda sözlän sözünde 2027-nji ýyla çenli Ýewropa tebigy gaz eksportuny iki esse götermegi meýilleşdirýändiklerini, onuň üçin gerek bolan ätiýajyň bardygyny, iki taraply  ygtyýaryň görkezilýändigini we ýewropaly kardeşleri bilen ýokary ynam şertlerinde hereket edýändiklerini nygtady.

Aliýew Azerbaýjanyň tebigy gaz eksporty hakynda; “Tebigy eksportumyz artýar. 2021-nji ýylda 19 milliard m3, geçen 22,6 milliard m3 tebigy gaz eksport etdik. 2023-nji ýylda tebigy gaz eksportumyzy 24,5 milliard m3-a ýetirmegi göz öňünde tutýarys. Bize we hyzmatdaşlarymyza 100 ýyl ýeterlik tebigy gaz ätiýajymyz bar” diýdi.



Degişli Habarlar