ABŞ-nyň Döwlet Sekretary, Azerbaýjanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

"Jenap Blinken Azerbaýjanyň 4-nji oktýabrda ermenistanly 17 ýesiri boşatmagyna hoşallyk bildirýär”

1891031
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary, Azerbaýjanyň Prezidenti Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin uly tagalla eden Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Blinkeniň Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Jenap Blinken, Azerbaýjan bilen Ermenistanyn daşary işler ministrleriniň we liderleriniň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin edilýän tagallalara kanagatlanma bildirýär. Jenap Blinken Azerbaýjanyň 4-nji oktýabrda ermenistanly 17 ýesiri boşatmagyna hoşallyk bildirýär” diýildi.

Beýannamada, Entoni Blinkeniň, Prezident Aliýewe parahatçylyk etabyna goldaw bermek üçin edýän tagallalaryny dowam etdirmegi hakynda çagyryş berendigi ýatladyldy.

Beýannamada, “Döwlet sekretary Entoni Blinken, ABŞ-nyň serhetleriň doly kesgitlenilmegi, aragatnaşyk koridorynyň açylmagy, ýitenleriň kesgitlenilmegi we tussaglylaryň boşadylmagy ýaly birnäçe meseläniň çözülmegine goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Daglyk Garabagyň ýaşaýjylarynyň hak-hukuklarynyň goralmagyna we howpsyzlyklarynyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilmegine ünsi çekdi” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar