“Gazagystan Ýadro Howpsyzlyk Ýörelgesine Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Semipalatinsk ýadro synag merkezinde 40 ýylda jemi 456 gezek ýadro synagy geçirildi

1873563
“Gazagystan Ýadro Howpsyzlyk Ýörelgesine Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Gazagystanyň Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew, ýadro partlamalarynyň Gazagystanda uly zyýan çekilmegine sebäp bolandygyny nygtap, “Ýurdumyz hemişe bolşy ýaly ýadro howpsyzlyk ýörelgesine goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Tokaýew, 29-njy awgust Halkara ýadro synaglaryna garşy aksiýa güni mynasibetli Twitterden beren habarnamasynda 29-njy awgustyň adamzat üçin diýseň möhümdügüne ünsi çekdi.

Tokaýew “Ýadro partlamalary Gazagystanyň uly zyýan çekmegine sebäp boldy. Şol pajygalar indi gaýtalanmasyn. Ýurdumyz hemişe bolşy ýaly ýadro howpsyzlygy ýörelgesine goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Gazagystan 31 ýyl ozal şu gün ýurtda 40 ýyl yzygiderli ýagdaýda ýadro syganlarynyň geçirlen desgasynyň ýapylmagy barada karar kabul edipdi.

Gazagystan şol karary bilen dünýäniň iň uly 4-nji köpçülikleýin ýarag ammary merkezi bolmakdan meýletin ýagdaýda ýüz öwüren ilkinji ýurt hökmünde taryhda öçmejek yz galdyrdy.

BMG, Gazagystanyň tagallasy bilen 29-njy awgusty “Halkara ýadro synaglaryna garşy aksiýa güni” hökmünde kabul etdi.

Gazagystan, garaşsyzlygyny ykrar edenden soň ýadro ýaraglaryna garşy alyp baran daşary syýasaty bilen ünsleri özüne çekdi.

BMG-nyň karary bilen 2010-njy ýyldan bäri ýer ýyl dünýäniň çar tarapynda bellenilip geçilýän “Halkara ýadro synaglaryna garşy aksiýa günine” bagyşlanyp Gazagystanda dürli çäreler geçirilýär.

1947-nji ýylda gizlinlikde kabul edilen karara laýyklykda Sowet soýuzynyň ilkinji ýadro synag giňişligi Gazagystanda gurulýar.

Sowet Soýuzy, 1949-njy ýylyň 29-njy awgustynda Gazagystanyň gündogarynda ýerleşýän Semipalatinsk şäherinden 130 kilometr alysda ilkinji ýadro ýaragyny synagdan geçirdi.

Semipalatinsk ýadro synag merkezinde 40 ýylda jemi 456 gezek ýadro synagy geçirildi.

Ýadro synaglary 1,5 milliondan gowrak adama ýaramaz täsirini ýetirdi, köp sanly çaganyň maýyp dogulmagyna sebäp boldy.

Ýurtda 1989-njy ýylda ýadro synaglaryna garşy mitingler geçirildi.

1989-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Semipalatinsk ýadro synag giňişliginde soňky ýadro synagy geçirildi.



Degişli Habarlar