“Türk Boýlary Festiwaly” Ýalowa Şäherinde Geçirilýär

“Türk boýlary festiwaly” 23-nji iýul şenbe gününe çenli Ýalowa şäherinde we etraplarynda dowam eder.

1856294
“Türk Boýlary Festiwaly” Ýalowa Şäherinde Geçirilýär
Yalova 2.jpg
Yalova 3.jpg
Yalova 4.jpg

 

25-nji “Türk boýlary festiwaly” 17-nji iýulda Ýalowa şäherinde dabaraly ýagdaýda başlady.

Türki dilli döwletleriň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň, dünýä kontekturasynyň üýtgetmegi bilen birlikde türki dünýä hem özgermäge başlady.

Türki dünýä özbaşdak döwletler hökmünde dürli guramalary, halkara çäreleri ýokary derejede iş ýüzüne geçirýär.

Inha şeýle dünýä şertlerinde “Ýalowa folklor egitim merkezi” atly medeni jemgyýetçilik guramasy “Türk boýlary festiwalyny” guramaga başlaýar.

Türk halklarynyň folklor, aýdym-saz we medeni jemgyýetçilik guramalary geçen 25 ýylyň dowamynda Ýalowada öz medeniýetlerini tanyşdyrmaga goşant goşdular.

“Türk boýlary festiwaly” türki dünýäniň jebisligine, agzybirligine, bileleşigine öz mynasyp goşandygyny goşmak maksady bilen Ismail Gaspyralynyň “Dilde, pikirde işde birlik” şygary bilen çykan ýolunda ençeme başlangyçlary iş ýüzüne geçirdi.

Şolardan biri hem türki dünýäniň media işgärleriniň maslahatlary. Şu ýyl 16-njysy guralýan media işgärleriniň maslahatyna türki dilli döwletleriň we halklaryň media işgärleri gatnaşýarlar. Olar maslahatyň dowamynda öz ýurtlarynyň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

“Türk boýlary festiwaly” 23-nji iýul şenbe gününe çenli Ýalowa şäherinde we etraplarynda dowam eder.

 

 


Etiketkalar: #folklor

Degişli Habarlar