Türkiye Respublikasy, TÜRKSOÝ-yň Täze Baş Sekretaryny Gutlady

“Guramanyň Baş sekretary wezipesini Raewe tabşyran Kaseinowa durmuşa geçiren işleri üçin sagbolsun aýdýarys, täze Baş sekretar Raewe hem wezipesinde rowaçlyk arzuw edýäris”

1805343
Türkiye Respublikasy, TÜRKSOÝ-yň Täze Baş Sekretaryny Gutlady

Türkiye Respublikasy, Halkara türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygyna saýlanan Sultanbaý Raewi gutlady.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “2022-nji ýylda Türk dünýäsine paýtagtlyk eden Bursada geçirlen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygyna saýlanan Gyrgyz Respublikasynyň dalaşgäri Sultanbaý Raewiň saýlanmagyna hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, “Guramanyň Baş sekretary wezipesini Raewe tabşyran Düsen Kaseinowa durmuşa geçiren işleri üçin sagbolsun aýdýarys, täze Baş sekretar Sultanbaý Raewe hem wezipesinde rowaçlyk arzuw edýäris” diýildi.

 


Etiketkalar: #TÜRKSOÝ , #rowaçlyk , #gutlag

Degişli Habarlar