“Özara Söwda Mukdaryny Gysga Wagtda 5 Milliard Dollara Ýetirmegi Maksat Edinýäris”

Türkiye bilen Özbegistanyň arasynda 10 şertnama baglaşyldy.

1804031
“Özara Söwda Mukdaryny Gysga Wagtda 5 Milliard Dollara Ýetirmegi Maksat Edinýäris”

Prezident R. T. Erdogan, geçen ýyl 3,6 milliard dollardan geçen Türkiye bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdaryny gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň resmi myhmany hökmünde Daşkende gitdi.

Erdogan, Mirziýoýew tarapyndan Kök köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Resmi garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Mirziýoýew özara duşuşyk geçirdi.

Iki lideriň duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçdi.

Özara we toparara gepleşiklerden soň Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda 10 şertnama baglaşyldy.

Liderler soň bolsa metbugata beýannama berdi.

Erdogan “Geçen ýyl 3,6 milliard dollardan geçen Türkiye bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdaryny gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris. Munyň bilen hem çäklenmän özara söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirmek isleýäris” diýdi.

Mirziýoýew bilen “Sebitimizde başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdyk”diýen Erdogan, “Häzirden Oraz aýynyň musulman dünýäsi üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar