Nowruz Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Dabara Bilen Bellenilip Geçilýär

Baharyň buşlukçysy kabul edilýän Nowruz baýramy, şu gün dünýäniň ençeme sebitinde dabara bilen bellenilip geçilýär.

1799010
Nowruz Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Dabara Bilen Bellenilip Geçilýär
Atavatan Türkmenistan’da Nevruz Coşkuyla Kutlandı 4.jpg
Atavatan Türkmenistan’da Nevruz Coşkuyla Kutlandı 3.jpg
Atavatan Türkmenistan’da Nevruz Coşkuyla Kutlandı 2.jpg

 

Türki halklaryň ýaşaýan sebitlerinde täze ýylyň başlangyjy we baharyň buşlukçysy kabul edilýän Nowruz baýramy, şu gün dünýäniň ençeme sebitinde dabara bilen bellenilip geçilýär.

Gyş paslyndan soň tebigatyň bahar bilen gaýtadan janlanmagyna simwollyk edýän Nowruz, Orta Aziýadan Anadola çenli ençeme sebitlerde jemgyýeçilik jebisligi, arkalaşygy, ýardamlaşmany üpjüm ediji özbolyşlygy bilen dowam etdirilýär.

Hytaý çeşmelerinde b.e.ozalky 3-nji asyrda hunlaryň bahar aýlarynda dabaralar guraýandygynyň beýan edilmegi sebäpli taryhy şol döwürlere çenli uzap gidýän Nowruz, türki halklaryň Ergenekondan çykan güni hökmünde-de kabul edilýär.

Söz taýdan “täze gün” manysyny aňladýan şu baýramçylyk gününde, tebigatyň janlanmagy bilen täze ýylyň başlandygyna we nähili bol, bereketli, arkalaşykly bellinilip geçilse, bütin ýylyň hem şeýle geçjekdigine ynanylýar.

Bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetiren Kowid-19 pandemiýasy sebäpli 2020-2021-nji ýyllarda giňden bellenilip geçilmedik Nowurz baýramy, pandemiýanyň azalmagy bilen şu ýyl dabarly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Otlar ýakylýar we köne ýylyň gutaryp, täze ýylyň başlan Nowruz gününe günälerden saplanyp, gadam basmak isleýänler oduň üstünden bökýärler.

Şu güne mahsus “Nowruz saçagy” ýazylýar. Bereketli saçaklarda 7 görnüşli tagamlar goýulýar. Ýylyň bol-bereketli geçmegi üçin ýazylan baý saçakda her bir adam tagamlardan iýip, ýylyn rahat geçmegini arzuw edýär.

Täze ýyly täze egin-eşikler bilen garşy alýan adamlar, ilki öýlerini arassalaýarlar, abatlaýarlar. Adamlar şeýlelikde täze ýylda ähli zadyň täze bolmagyna üns berýärler.

Sport bäsleşikleri guralýar, aýdymlar aýdylyp, tans edilýar, goşgy okalýar.

Nowruzyň taryhy Ergenekona esaslandyrylýandygy üçin şu gün demir sünnälenip, Erkenekondan çykylan gün hem bellenilip geçilýär.



Degişli Habarlar