Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Moskwada Saparda Boldy

Aliýew resmi saparynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

1783424
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Moskwada Saparda Boldy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda boldy.

Aliýew resmi saparynyň çäginde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Putin, Kremlde bolan duşuşykda, Aliýewi myhman almakdan hoşaldygyny belledi we çakylygyny kabul edendigi üçin sagbolsun aýtdy.

Putin, Aliýewiň saparynyň, Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini ýatlatdy.

Käbir kynçylyklara garamazdan Garabag meselesinde şu günki günde ýetilen sepgidiň kanagatlandyryjydygyny nygtan Putin, halkyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi bilen birlikde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi we gatnawyň öňündäki esasy bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy taýdan hem öňe gidişlik edilendigini belledi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem çakylygy üçin Putine sagbolsun aýty we ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklaryň Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň görkezijisidigini belledi.

Aliýew, Russiýa bilen edýän dostlukly gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar