Söwda Ministri Mehmet Muş Türkmenistana Sapar Eder

Söwda ministri Mehmet Muş söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça gepleşikler geçirmek üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada sapar gurar.

1782952
Söwda Ministri Mehmet Muş Türkmenistana Sapar Eder

Ministrlikden berilen beýannama görä 25-nji fewralda guraljak saparyň çäginde ministr Muş Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul ediler.

Muş şeýle-de Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Serdar Berdimuhamedow we Çary Gylyjow, Ulaglar we aragatnaşyk boýunça Döwlet gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýew bilen özara duşuşyklar geçirer.

İki ýurdun arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýylynda guraljak saparda Türkiýe-Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýany bilen maýa goýum hem-de potratçylyk ugurlar boýunça pikir alyşylar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdary 2021-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 53 göterim artyp, 1,7 milliard dollara barabar boldy. Degişli döwürde Türkiýäniň Türkmenistana eksporty 985 milliard dollar, Türkmenistandan importy bolsa 711 milion dollara barbar boldy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky maýa goýumlarynyň mukdary 434 million dollara barabar. Türkmenistandan Türkiýä gelen maýa goýumlaryň mukdary bolsa 1 million dolara ýetdi.



Degişli Habarlar