Ýens Stolteberg Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1779195
Ýens Stolteberg Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Geçiren telefon söhbetdeşligi bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beýannama beren Ýens Stoltenberg: "Aliýew bilen Energiýa bazarlaryndaky tolgunmalar bilen birlikde sebitleýin howpsuzlyk we Russiýanyň Ukrainanyň içinde we onuň töwereginde harby güýç üýşürmegini maslahatlaşdyk" diýip habar berdi. 

Stoltenberg mundan başgada gaz üpjünçiligini artdyrandygy üçin we Ýewropanyň ynamdar bir energiýa üpjün edijisi bolan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar