Türkiýe, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Hoşallyk Bildirdi
Öňňin agşam Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolan çaknyşykda iki adam ýogalypdy, 21 adam hem ýaralanypdy.
Türkiýe, Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde bolan çaknyşygyň parasatlylyk bilen möwjemezden bes edilmegine we ylalaşyk gazanylmagyna hoşallyk bildirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Dost we doganlyk iki ýurduň arasynda serhetgalasynda başdan geçirlen dartgynlygyň gepleşik arkaly parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine hoşallyk bildirýäris” diýildi.
Beýannamada, “Şuňa meňzeş wakalaryň indi gaýtalanmazlygyny arzuw edýäris, wakada ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.
Öňňin agşam Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolan çaknyşykda iki adam ýogalypdy, 21 adam hem ýaralanypdy.
Geçirlen gepleşikler netijesinde iki ýurt çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.
Degişli Habarlar
Özbegistanyň prezidenti ertir Türkiyä sapar gurar
Özbegistanyň prezidenti Şewket Mirziýoýew ertir Türkiyä sapar gurar
“Kawkaz Bürgüdi Türgenleşigi Başlady”
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň harby güýçleriniň gatnaşmagynda türgenleşik geçirilýär.