Eýranyň Daşary işler ministri Gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen Gazagystanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1762176
Eýranyň Daşary işler ministri Gazagystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Abdullahiýan we Tileuberdi ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin hadysalar barada pikir alyşdylar. 

Abdullahiýan telefon söhbetdeşliginde Gazagystanda başdan geçirilen hadysalara iň başyndan başlap üns bilen ýakyndan gözegçilik edendiklerini belläp, Gazagystanyň milli özygtyýarlylygyny goldaýandyklaryny we daşary ýurt güýçleriň ýurdyň içerki meselelerine goşulmagyny ýazgarýandyklaryny habar berdi. 

Tileuberdi hem öz gezeginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewiň Eýrana sapar guramagynyň güntertipdedigini belläp, Eýran bilen söwda gatnaşyklarynyň özgerdilmeginiň özleri üçin möhümdigini beýan etdi. 

Tileuberdi mundan başgada Eýranyň Prezidenti Ibragim Raisini oktýabr aýynda geçiriljek Gazagystanyň Halkara maslahatyna çagyrdy. 


Etiketkalar: #Gazagystan , #Eýran

Degişli Habarlar