Özbegistanyň Prezidenti Resmi Sapar Bilen Gazagystana Bardy

Iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň hyzmatdaşlyk derejesinde göterilmegi barada karar kabul edildi

1743726
Özbegistanyň Prezidenti Resmi Sapar Bilen Gazagystana Bardy
Mirziyoyev-Tokayev.jpg
Kazakistan Tokayev.jpg
Özbekistan-Kazakistan anlaşma.jpg

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew resmi sapar bilen Gazagystana bardy.

Özbek lideri resmi saparynyň çäginde paýtagt Nur Soltandaky Akorda köşgünde gazak kärdeşi Jomart Tokaýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Liderler özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklary hyzmatdaşlyk derejesinde götermek barada karar alandyklaryny nygtap, kararyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini ýatlatdy.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew hem Gazagystan bilen edýän doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändiklerine ünsi çekdi.

Geçirlen toparara gepleşiklerden soň Gazagystan bilen Özbegistan, gatnaşyklaryň hyzmatdaşlyk derejesine göterilmegini göz öňünde tutýan döwletara jarnama gol çekişildi.



Degişli Habarlar