Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi: "7 esgerimiz şehit boldy"

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistan serhedinde düýn başdan geçirilen çaknyşyklarda Azerbaýjanyň goşunyndan 7 esgeriň şehit bolandygyny, 10 esgeriň bolsa ýaralanandygyny habar berdi

1735081
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi: "7 esgerimiz şehit boldy"

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Ermenistanyň goşunynyň serhetdäki öjükdiriji hereketleriň netijesinde ýüze çykan çaknyşyklarda 1-i ofiser 7 esgeriň ýogalandygyny, 10 esgeriň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Beýanatda, Ermenistanyň goşunynyň serhetdäki öjükdiriji hereketleriniň şowsuzlyk bilen netijelenendigi, düýn agşam bolsa serhetdäki ýagdaýyň kadalaşandygy aýan edildi. 

Şehit bolan esgerleriň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirilen beýanatda, başdan geçirilen ähli hadysalaryň jogapkäriniň Ermenistan tarapydygy beýan edildi. 

Ermenistanyň goşuny serhet zolagynda käbir depeleri ele salyp, has amatly söweşjeň liniýalara eýe bolmak üçin düýn ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Laçyn we Kelbejer ugurlarynda operasiýa başladypdy. Hüjümlerde Azerbaýjan tarapyndan 2 esger ýaralanypdy. 

Azerbaýjanyň goşuny hem şol ugurda garşylyk görkezmek maksady bilen jogap operasiýasyny başladyp, hüjüm guran ermeni esgerleri göz tussaglygyna alypdy. 

Russiýanyň ara girmegi bilen çaknyşyklar durupdy, od açmazlyk barada ylalaşyk baglaşylypdy. 



Degişli Habarlar