Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýewi Gutlady
Mirziýoýewe telefon eden Prezident Erdogan, kärdeşine wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan telefon arkaly Özbegistanda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Mirziýoýewi gutlady.
Mirziýoýewe telefon eden Prezident Erdogan, kärdeşine wezipesinde rowaçlyk arzuw edip, saýlawyň netijeleriniň özbek halky üçün düşümli bolmagyny diledi.
Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we arkalaşygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigine ynanýandygyny nygtady.
Iki lider telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky özara gatnaşyklary sebitiň durnuklylygyna, howpsyzlygyna we asudalygyna goşant goşmagy üçin ähli taraplaýyn ösdürmek üçin tagalla etjekdiklerini belledi.
Degişli Habarlar
Jewdet Ýylmaz Ertir Özbegistana Gider
Jewdet Ýylmaz Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar.