Gyrgyzystan Türkiýeden Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagyny Alar

Gyrgyz Respublikasy, Türkiýeden Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin talap bildirdi

1723348
Gyrgyzystan Türkiýeden Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagyny Alar

Gyrgyz Respublikasynyň Milli howsyzlyk komitetiniň başlygy general Kamçybek Taşiýew, Türkiýeden Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin talap bildirendiklerini aýtdy.

Prezident Sadyr Japarowyň gatnaşmagynda Gyrgyzystanyň Milli howpsyzlyk komiteti üçin ilkinji gezek satyn alynan harby uçarlaryň gowşurlyş dabrasy geçirildi.

Dabaradan soň metbugata beýannama beren Taşiýew, Türkiýeden Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin talap bildirendiklerini we howa ulaglaryny gysga wagtda kabul edip aljakdyklaryny belledi.

Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň diňe birnäçe ýurtda bardygyna ünsi çeken Taşiýew “Şol ýurtlardan biri hem biziň ýurdumyz bolar. Ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny ulanjak harbylar Türkiýede tälim aldy” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar