Mustafa Şentop Gazagystanda saparda bolýar

Şentop, saparynyň ilkinji gününde ýurdyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi

1710849
Mustafa Şentop Gazagystanda saparda bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy (TBMM) Mustafa Şentop Türkiýe-Gazagystan gatnaşyklary bilen bagly: "Koronawirus epidemiýasy tapgyrynda söwda kuwwadymyzda hiç hili peselme ýok, gaýtam artyş bar. 2021-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda 2020-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 50 göterimlik artyş bar" diýip habar berdi.

Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň (TÜRKPA) 10-njy sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen Gazagystana sapar guran TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, saparynyň ilkinji gününde ýurdyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde türk işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi. 

Mustafa Şentop Türkiýe-Gazagystan gatnaşyklarynyň örän ýokary derejededigini belläp: "Gazagystanyň Garaşsyzlygyny yglan eden ilkinji güni Türkiýe Gazagystanyň Garaşsyzlygyny ykrar etdi. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurt hem biz boldyk. Şol günden bäri hem Gazagystan bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklarymyzy ähli ugurlar boýunça dowam etdirýäris" diýip habar berdi.

Gazagystan bilen ykdysady ugurdaky gatnaşyklaryň esasynyň hem örän berkdigini aýdan Mustafa Şentop: "Koronawirus epidemiýasy tapgyrynda söwda kuwwadymyzda hiç hili peselme ýok, gaýtam artyş bar. 2021-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda 2020-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 50 göterimlik artyş bar. Prezidentlerimiziň orta goýan 10 milliard dollar söwda kuwwady maksatnamasyna bular ýaly ýagdaýda hereket etsek tiz wagtda ýeteris. Bu babatda elbetde siziň hem goşantlaryňyz örän möhüm" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar