Gazagystanyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Gazagystanyň Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew wezipesinden çekildi

1700198
Gazagystanyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat geňeşçisi Berik Uali, mesele bilen bagly beren beýanatynda, Prezident Kasym Jomart Tokaýewiň Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýewiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendigini habar berdi. 

Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew 26-njy awgustda Jambul welaýatynyň Baýzakow etrabyndaky ok-däri ammarynda bolan partlamadan soň sebitde gözegçiligiň ele alynmagyndan soň wezipesinden çekilmäge taýardygyny habar beripdi. 

Resmi çeşmelere görä ok-däri ammarynda yzly-yzyna bolan partlamalarda harby işgärlerden we halas ediş toparlaryndan jemi 15 adam ýogalypdy, aglabasy ýangyn söndüriji we halas ediş toparyndan bolan jemi 90 adam bolsa ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar