Gyrgyz Lideri Japarow Resmi Sapar Bilen Täjigistana Bardy

Aprel aýynda başdan geçirlen çaknyşyklardan soň iki ýurduň liderleri ilkinji gezek duşuşdy.

1666891
Gyrgyz Lideri Japarow Resmi Sapar Bilen Täjigistana Bardy

Gyrgyz Respublikasy bilen Täjigistan serhedinde aprel aýynda başdan geçirlen çaknyşyklardan soň iki ýurduň liderleri ilkinji gezek duşuşdy.

Resmi sapar bilen Täjigistana giden Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow paýtagt Duşenbede kärdeşi Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Emomali Rahmon gyrgyz lideri Japarowy Duşenbedäki Millet köşgünde resmi dabara bilen garşylady.

Iki lider garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Täjigistanyň Japarowyň ýurda guraýan resmi saparyna uly ähmiýet berýändigini nygtan Rahmon “Täjigistan we Gyrgyzystan ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Biz siziň bilen özara gatnaşyklary ähli taralaýyn ara alyp maslahatlaşmaga taýar” diýdi.

Çakylygy üçin Rahmona sag bolsun aýdan Japarow, üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň 28-30-y aralygynda başdan geçiren wakalara uly gynanç bildirýändigini nygtap “28-30-y aprel iki ýurduň halklary üçin taryhy synag we gynandyryjy günler boldy” diýdi.

Doganlyk gyrgyzlaryň we täjikleriň goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny birnäçe wagtdan bäri dowam etdirendigine ünsi çeken Japarow “İki ýurduň geljekde ýaragly çaknyşygyň gaýtalanmagyna gursat bermeli däldigini nygtamak isleýärin” diýip belledi.



Degişli Habarlar