Azerbaýjan ABŞ-nyň 24-nji Aprelde Taryhy Ýalňyşlyk Goýbermezligini Tama Edýär

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hajyýew gün tertibindäki meseleler boýunça beýannama berdi

1627186
Azerbaýjan ABŞ-nyň 24-nji Aprelde Taryhy Ýalňyşlyk Goýbermezligini Tama Edýär

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew ABŞ-nyň 24-nji aprelde 1915-nji ýyldaky wakalar meselesinde taryhy ýalňyşlyk goýbermejekdigini tama edýändigini aýtdy.

Hikmet Hajyýew Azerbaýjanyň Döwlet habarlar gullugyna beren beýannamasynda 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly toslama we galp ermeni tezisleriniň tanadylma synanşygyna elmydama garşy durandyklaryny aýtdy.

Toslama ermeni tezislerinin ykrar edilmeginiň taryhyň galplaşdyrylmagy manysyny aňladýandygyny, taryhyň taryhçylar tarapyndan öwrenilmelidigini nygtan Hajyýew, eger şeýle bolan halatynda Azerbaýjanyň ony berk ýazgarjakdygyny aýtdy.

Hajyýew: “Prezident Ilham Aliýew Türkiýä garşy ädilen her bir ädimiň Azerbaýjana, Azderbaýjana garşy ädilen her bir ädimiň Türkiýä garşy ädiljekdigini ençeme gezek nygtady. Amerikanyň hökümetinin taryhy ýalňyşlyk goýbermejekdigini tama edýaris” diýdi.



Degişli Habarlar