Mustafa Şentop we DKTR-nň Premýer ministri Ersin Saner özara duşuşyk geçirdiler

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy (TBMM) Mustafa Şentop we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Premýer ministri Ersin Saner we ýanyndaky wekiliýet düýn Mejlisde duşuşyk geçirdiler

1594878
Mustafa Şentop we DKTR-nň Premýer ministri Ersin Saner özara duşuşyk geçirdiler

TBMM tarapyndan berilen beýanata görä, Mustafa Şentop ol ýerde eden çykyşynda Türkiýe üçin DKTR-nyň möhümdigini we onuň aýratyn ýeriniň bardygyny belläp, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň günsaýyn has hem güýçlenmegini görmegiň özleri üçin buýsandyrjydygyny beýan etdi.

Türkiýäniň we DKTR-nyň eýe bolan hyzmatdaşlyk we jebislik ruhy bilen ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljek ygtyýara we güýje eýediklerini aýdan Mustafa Şentop: "Kowid-19 epidemiýasynyň bütin dünýäni täsiri astyna alan bir döwürde, Kiprli türk doganlarymyza gerek bolan goldawy berip bilmek üçin her dürli tagallany edýändigimizi, ähli mümkinçiliklerimizi ulanýandygymyzy bilmegiňizi isleýärin" diýip habar berdi. 

Mustafa Şentop, TBMM-nyň mili dawasy bolan Kipr meselesi bilen baglanşykly hadysalara hemişe ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýan etdi. 

"50 ýyldan gowrak wagtlap maslahatlaşylan federasiýa nusgasynyň, grek tarapynyň adany ýeke täk eýesi mendirin düşünjesi sebäpli Kipr meselesine çözgüt tapylmazlygy mälimdir" diýip bellän Şentop: "Adadaky iki aýry millet, iki aýry demokratiýa düzgüni we iki aýry döwlet bardyr. Çözgüt diňe bu hakykatlary göz öňüne tutulyp işe girişilen bir pozisiýa bilen mümkindir. Şol çäkde Kipr türk halkynyň özygtyýar deňlik ýörelgesine esaslanýan iki döwletli çözgüt maskatnamasyny goldaýarys. Halkara jemgyýet hem Kipr türk halkynyň çözgüt ygtyýaryna hormat goýmalydygy barada ýüzlenme berýäris. Türkiýe Kipr türk halky bilen şol bir ýolda ýöremäge dowam eder, ýolumyz birdir" diýip habar berdi. 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Premýer ministri Ersin Saner bolsa öz gezeginde, Kipr türk halkynyň hakly göreşinde ýoluna dowam edýän mahaly, ata watandan alýan güýji saýasynda arman-ýadaman ýoluny dowam etdirjekdigini, bu babatda iň kiçijek hem ikirjiňlenmeleriniň bolmandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar