Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana sapar gurar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 18-19-njy fewral aralygynda Azerbaýjana sapar gurar

1585577
Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjana sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Azerbaýjana gurajak saparynda Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriniň 9-njy maslahaty geçiriler. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 18-19-njy fewralda Bakuda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirer we Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul ediler. 

Saparynyň çäginde Gruziýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Dawid Zalkalianiniň gatnaşmagynda Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriniň 9-njy maslahaty geçiriler. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly, Gruziýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen ikiçäk duşuşyk geçirer. 

Duşuşygyň barşynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar we sebitleýin meseleler bilen birlikde strategik hyzmatdaşlyk derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar. 



Degişli Habarlar