DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Berilen habara görä, Žozep Borrel, Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy

1585358
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

DKTR-nyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ersin Tatara telefon arkaly jaň eden Žozep Borrel, 19-njy fewralda Kipr adasyna gurajak saparyny 4-5-nji mart aralygyna çenli yza süýşürendiklerini habar berdi. 

Telefon söhbetdeşliginde munadan başgada, gün tertibindäki meseleler ele alyndy we olar ikitaraplaýyn häsýetde gözden geçirildi. 

Kipriň Grek böleginiň metbugatynda berilen habara görä, Žozep Borrel, Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 



Degişli Habarlar