Orta Aziýada Halkara Söwda merkezi dörediler

Gazagystan-Özbegistan serhet zolagynda döredilmegi meýilleşdirilen Orta Aziýa Halkara Söwda merkezi üçin işe girişildi

1576027
Orta Aziýada Halkara Söwda merkezi dörediler

Gazagystanyň Premýer ministri Askar Maminiň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, Söwda we integrasiýa ministri Bahit Sultanow, Özbegistan bilen serhet zolagynda döredilmegi meýilleşdirilen Söwda merkezi bilen bagly geçirilýän işleriň dowam edýändigini habar berdi. 

Bahit Sultanow, Özbegistan serhedinde Orta Aziýa Halkara Söwda merkeziniň döredilmeginiň maksat edilnilýändigini belläp: "Ady agzalan merkeziň taslamasynyň ýerleşijek ýeri, özbek tarapy bilen kararlaşdyryldy. Biz zolak bölüp aýyrarys we häzirki wagtda maýadarlar bilen şol babatda gepleşikler geçirýäris" diýip mälim etdi. 

Ministr Sultanow, merkeziň goňşy Özbagistan bilen serhet söwdasynyň özgermegine goşant goşjakdygyny we iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 10 milliard dollar artmagyna itergi berjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar