Ermenistandan Geçjek Koridordan Azerbaýjan, Türkiýe, Russiýa, Eýran we Ermenistan Peýdalanar

Bu barasynda Prezident Aliýew beýan etdi

1559376
Ermenistandan Geçjek Koridordan Azerbaýjan, Türkiýe, Russiýa, Eýran we Ermenistan Peýdalanar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjanyň günbatar welaýatlary bilen Nahiçewan Awtanomiýasyny Ermenistandan geçip, birikdirjek ulag koridordan Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Russiýanyn, Ermenistanyň we Eýranyň peýdalanjakdygyny aýtdy.

Aliýew ykdysady pudagyň ýolbaşçylary 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçiren maslahatynda sözlän sözünde azat edilen Zengilan welaýatynyň Agbend şäherçesine çenli täze demir ýolunyň guruljakdygyny aýtdy.

Şol ugurda ozal bolan ýoluň basybalyjylyk ýyllarynda ermeniler tarapyndan hatardan çykarylandygyny aýdan Aliýew, ýoluň Nahiçewana koridor açmak üçin iňňän möhümdigini nygtady.

Aliýew Nahiçewana açyljak koridor hakynda 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan tarapyndan üçtaraplaýyn jarnamada bardygyny ýatladyp: “Şol ýol hökmany suratda açylar we sebite täze mümkinçilikleri getirer. Azerbaýjan, Türkiýe, Russiýa, Ermenistan we Eýran tarapyndan peýdalanyljak şol ugur, gelejekdäki köp taraply hyzmatdaşlyk üçin aýratyn ähmiýete eýe” diýdi.

Nahiçewandaky demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça hem iş alyp barjakdyklaryny aýdan Aliýew: “Ermenistanyň demir ýollarynyn Russiýanyň demir ýollarynyň garamagyndadygy göz öňünde tutulanda biz elbetde Russiýa bilen işleşeris. Sebäbi Ermenistan döwletinin Mehri demir ýoly taslamasy bilen arabaglanşygy ýok. Meseläni Russiýa bilen seljerýäris. Sebäbi Russiýanyň demir ýollary Ermenistanyň demir ýollarynyň eýesi. Deslapky gepleşikler netijeli” diýdi.



Degişli Habarlar