ÝTB Kiprli Türklere we Iki Döwletli Çözgüt Tagallalaryna Goldaw Berýär

Abdullah Eren, “Kiprde BMG-nyň çäginde iki döwletli çözgüt teklibi” temaly maslahatda çykyş etdi

1558639
ÝTB Kiprli Türklere we Iki Döwletli Çözgüt Tagallalaryna Goldaw Berýär

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň başlygy Abdullah Eren, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň kiprli türkleriň we iki döwletli çözgüt tagallalarynyň dünýäde has ýakyndan tanalmagyna goşant goşmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Abdullah Eren, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen  “Kiprde BMG-nyň çäginde iki döwletli çözgüt teklibi” temaly maslahatda çykyş etdi.

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň 2010-njy ýyldan bäri türk diasporasy boýunça uly işleri durmuşa geçirýändigine ünsi çeken Eren, “40 ýyldan gowrak wagt bäri Türkiýe, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy we DKTR-daky türkleriň meselesiniň çözülmegi üçin tagalla edýär. Biz hem Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy hökmünde bilim, medeniýet we sosial taýdan bu meselesde uly işleri durmuşa geçirýäris” diýdi.

Eren şol çäkde diňe 2020-njy ýylda DKTR-dan gelen 92 talyba stipendiýa berlendigini, Kiprden gelen müňden gowrak talybyň Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynda bilim alýandygyny ýatlatdy.

Kipriň şol bir wagtda Britaniýanyň başda durmagynda dünýäde güýçli diasporasynyň bardygyny aýdan Eren, Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň Britaniýada ýaşaýan kiprli türk ýaşlary “Watanyň bilen tanyş” taslamasynyň çäginde ilkinji gezek DKTR-na ene watanlaryna getirendiklerini, täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründen soň hem taslamany durmuşa geçirmäge dowam etjekdiklerini belledi.

Maslahata wideo ýüzlenme ugradan DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bolsa, kipt türk halkynyň öz topraklarynda Türkiýe bilen jebislikde garaşsyz respublika hökmünde ýaşamak isleýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar