Erdogan: "Meniň ýurdumda 100 müňden gowrak ermeni raýat bar" diýip belledi

Erdogan, Türkiýäniň Ermenistanyň halkyna kinesiniň bolmandygyny belläp: "Mesele Ermenistanyň hökümeti bilendir. Meniň ýurdumda 100 müňden gowrak ermeni raýat bar" diýip habar berdi

1543318
Erdogan: "Meniň ýurdumda 100 müňden gowrak ermeni raýat bar" diýip belledi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Ermenistanyň halkyna kinesiniň bolmandygyny belläp: "Mesele Ermenistanyň hökümeti bilendir. Meniň ýurdumda 100 müňden gowrak ermeni raýat bar" diýip habar berdi. 

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Ýeňiş ýöriş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjana baran Erdogan, Prezident Ilham Aliýew bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykdan we gol çekilen şertnamalardan soň iki Prezident umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, 44 günlik söweşiň ahyrynda alynan netijäniň, Azerbaýjandaky doganlarymyzy nähili derejede bagtyýar eden bolsa, şolar ýaly Türkiýedäki doganlaryny hem bagtyýar edendigini mälim etdi. 

Sebitleýin parahatçylyk babatynda gerek bolan halatynda alty taraplaýyn platformanyň emele getitirilip bilinjekdigini aýdan Erdogan: "Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Eýran, Gruziýa we eger kabul etse Ermenistan hem bu platformanyň düzümine goşulyp biler. Eger oňyn ädimler edilse biz hem öz gezegimizde gapylarymyzy açarys. Gapylarymyzy Ermenistana ýapyk saklamak ýaly meselämiz ýok. Sebäbi biz parahatçylygyň ädimlerini etmek isleýäris" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Ermenistanyň halky bilen hiç hili kinesiniň bolmandygyny aýdan Erdogan: "Mesele Ermenistanyň hökümeti bilendir. Meniň ýurdumda 100 müňden gowrak ermeni raýat bar. Biziň adamlara kinämiz ýok. Maksadymyz esasan hem parahatçylygy ýola goýalyň, ädimi hem şoňa görä edeliň" diýip nygtady. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew hem, Türkiýäniň Azerbaýjanyň ýanynda bolmagynyň özlerine güýç goşandygyny belläp: "Türkiýe we Azerbaýjan ýaly biri-birine bagly bolan, biri-biriniň ýanynda duran başga ýurtlar ýokdyr. Türkiýäniň güýji biziň güýjümizi artdyrar. Türkiýe dünýä derejesindäki bir güýç merkezidir. Şu günki Prezident Erdoganyň Türkiýesi, bütin dünýä garaşsyzlygyň, mertligiň we edermenligiň nusgasydyr" diýip beýan etdi. 

Aliýew, Watan ugrundaky söweşde Türkiýäniň goranyş senagatynyň önümi bolan meşhur Baýraktar uçarmansyz howa ulaglarynyň ýeňişde möhüm rol oýnandygyny mälim etdi. 

Aliýew: "Ermenistanyň hökümeti esassyz öňe sürmelerinden ýüz öwürse, olar hem sebitde dörediljek biri-birinden tapawutly hyzmatdaşlyk platformalaryna goşulyp biler" diýip belledi. 



Degişli Habarlar