Azerbaýjanda 10-njy noýabr Ýeňiş baýramy hökmünde yglan edildi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň ýeňilişini kabul edýän beýannama gol çeken güni bolan 10-njy noýabry Ýeňiş güni hökmünde yglan etdi

1538284
Azerbaýjanda 10-njy noýabr Ýeňiş baýramy hökmünde yglan edildi

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Ilham Aliýew, 10-njy noýabry Ýeňiş güni hökmünde yglan edilmegini we bu senäniň her ýyl bellenilip geçilmegi barada karar kabul etdi. 

Ilham Aliýew, mundan başgada Azerbaýjanyň goşunynyň öz topraklaryny azat etmek üçin operasiýany başladan güni bolan 27-nji sentýabry Ýatlama güni hökmünde bellenip geçilmegi barada karar kabul etdi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň 44 gün dowam eden operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň azat edilmeginden soň Ermenistan ýeňilişini kabul edipdi. 

Ermenistan, basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryny boşaltjakdygyny beýan eden şertnama 10-njy noýabrda gol çekipdi. 

Ýurdyň paýtagty Baku şäherinde Azerbaýjanyň goşunynyň ýeňişi mynasybetli harby ýöriş geçiriler. 

Baku şäheriniň Azatlyk meýdançasynda geçiriljek dabarada Azerbaýjanyň goşunynyň Ermenistanyň goşunyndan ele salan sowutly ulaglar we beýleki ýaraglar sergilener. Dabaranyň güni bilen bagly resmi beýanat bolsa entek berilmedi.  


Etiketkalar: #Ermenistan , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar