Yrak Türkmen Frontunyň Başlygy Salihi Azerbaýjany Ýeňişi Bilen Gutlady

Yrak Türkmen Frontunyň Başlygy Erşat Salihi Azerbaýjanyň Daglyk Garabagda gazanan ýeňişi we Ermenistan bilen gol çekişilen ylalaşyk mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1532710
Yrak Türkmen Frontunyň Başlygy Salihi Azerbaýjany Ýeňişi Bilen Gutlady

Salihi çap eden ýüzlenmesinde 30 ýyla golaý wagt bäri ermeniler tarapyndan basylyp alynan Daglyk Garabag sebitiniň azatlygyna gowuşmagy üçin Azerbaýjanyň gahryman ýaragly güýçlerinin başladan garşy operasiýasynyň taryhy üstünlikler bilen dowam edendigine ünsleri çekdi.

Salihi ýülenmesinde: “Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň liderlik etmeginde netijeli dowam etdirilen syýasy we diplomatik gepleşikleriň soňunda Ermenistanyň boýun egmegi bilen hem söweş meýdanynda hem-de stoluň başynda üstünlikleriň gazanylmagy we halkara hukuk kadalaryna äsgermezçilik edilip, ele geçirilen Azerbaýjanyň öz territoriýasynyň azat edilmegi taryhy ýeňişdir” diýdi.

“2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda gol çekişilen Daglyk Garabag ylalaşygynyň sebit we bütin Kawkaza parahatçylyk hem-de asudalyk getirmegini” arzuw eden Salihi, çärýek asyr bosgunlykda ýaşan azerbaýjanly soýdaşlaryň öz diýarlaryna dolanmaklaryny arzuw etdi.



Degişli Habarlar