Prezident Erdogan Bilen Ilham Aliýewiň Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Garabag söweşinde Azerbaýjanyň gazanan uly ýeňişi bilen liderler biri-birini gutlady

1525297
Prezident Erdogan Bilen Ilham Aliýewiň Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Daglyk Garabagda gazanylan ýeňiş bilen gutlady.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Prezident Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, Garabag söweşinde Azerbaýjanyň gazanan uly ýeňişi bilen liderleriň biri-birini gutlandygy ýatladyldy.

Aliýew, söweş döwründe Azerbaýjana beren syýasy we ruhy goldawlary üçin Erdogana we türk halkyna sag bolsun aýtdy.

Erdogan hem ýurdunyň berýän goldawlaryny takdyr edendigi üçin Aliýewe sag bolsun aýtdy.

Liderler, dost we doganlyk Türkiýe bilen Azerbaýjanyň birek-birege goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Liderler Daglyk Garabagda ylalaşygyň ýerini ýetirilşine gözegçilik etmek üçin guruljak türk-rus parahatçylyk güýji merkezi hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar