Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ersin Tatar Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

Çawuşoglu bilen Tatar telefon söhbetdeşliginde Kipr meselesi hakynda pikir alyşdy

1522468
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ersin Tatar Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Çawuşoglu bilen Tatar telefon söhbetdeşliginde Kipr meselesi hakynda pikir alyşdy.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen bolan duşuşygy hakynda maglumat berdi.

Tatar bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis, 3-nji noýabrda ilkinji gezek BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Elizabet Speharyň Nikosiýada ara çäk zolakda ýerleşýän kabulhanasynda duşuşypdy.



Degişli Habarlar