Türkiýäniň Goranmak ministri Özbegistanda saparda boldy

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Özbegistan bilen edilýän gatnaşyklarda uly öňe gidişlikleriň bardygyny belledi

1516884
Türkiýäniň Goranmak ministri Özbegistanda saparda boldy
akar özbekistan 4.jpg
akar özbekistan 3.jpg
akar özbekistan 2.jpg

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Pakistana we Gazagystana guran saparyndan soň, şu gün resmi sapar bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine bardy. 

Ministr Hulusi Akary, Özbegistanyň Goranmak ministri Bahadyr Kurbanow, Goranmak ministrliginde geçirilen harby dabara bilen garşylady. 

Harby dabaradan soň iki ministriň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen toparara gepleşikleriň başynda çykyş eden Akar, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini belläp: "Gatnaşyklarymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin tagalla edýäris. Şonuň içinde söwda, ykdysadyýet, sosial, syýasy gatnaşyklar bilen birlikde, harby hyzmatdaşlyk hem bar. Bu gatnaşyklar boýunça uly ösüşler etdik" diýip habar berdi. 

Özbegistanyň Goranmak ministri Bahadyr Kurbanow bolsa, Türkiýe bilen Özbegistany dili, dini bir, doganlyk iki ýurt hökmünde häsýetlendirip: "Döwletlerimiziň arasynda çalt depginler bilen özgerýän gatnaşyklara baglylykda, harby gatnaşyklarymyz hem çalt depginler bilen ösýär" diýip mälim etdi. 

Açylyş çykyşlaryndan soň, metbugata ýapyk häsýetde dowam eden gepleşikleriň ahyrynda Akar we Kurbanow tarapyndan Harby maliýe hyzmatdaşlyk ylalaşygyna we Nagyt ýardym gollanma protokolyna gol çekdiler. 

Özbegistanyň Goranmak ministri Bahadyr Kurbanow bilen geçiren duşuşygyndan soň Akar, Simpozium köşgüne geçip, Özbegistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Wiktor Mahmudow bilen duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar