“Daglyk Garabag Azerbaýjan Üçin Azatedijilik Söweşidir”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Daglyk Garabagyň Azerbaýjan üçin azatedijilik söweşidigini aýtdy

1510154
“Daglyk Garabag Azerbaýjan Üçin Azatedijilik Söweşidir”

Aliýew: “Azerbaýjan haýsydyr bir şertde Daglyk Garabagyň basylyp alynmagyna razy bolmaz” diýdi.

Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinnýan rus “Ria Nowosti” habarlar gullugyna interwýu berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew şertlerini ýene-de bir gezek beýan etdi we haýsydyr bir şertde egilşik etmejekdiklerini aýtdy.

“Bizin pozisiýamyz elmydama oňyndy we durnuklydy, şertlerimizi aç-açan beýan etdik. Azerbaýjanyň territorial bitewiligi haýsydyr bir şertde bozulyp bilinmez. Azerbaýjan haýsydyr bir şertde Daglyk Garabagyň basylyp alynmagyna razylyk bermez” diýdi.

Aliýew uruşlaryň wagşylykdygyny, emma Azerbaýjan halky üçin azatlyk, Ermenistan üçin bolsa basyp alyjylykdygyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti hakynatutma esgerleriň Azerbaýjanyň goşunlarynyň gatarynda söweşýändigi hakyndaky habarlaryň nädogrydygyny nygtap; “Harby taýda daşary ýurtly esgerlere mätäçligimiz ýok. Goşunlarymyz 100 müňden gowrak esgerden ybarat, häzirki wagtda esgerlerimiz berilen ähli görkezmeleri berjaý etmäge ukyply” diýdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bolsa frontda şertleriniň agyrdygyny, ýitgileriniň köpdügini aýtdy.

Ylalaşyk isleýändiklerini öňe süren Paşinýan, Ermenistanyň asuda ilata guraýan hüjümlerini görmediksiräp: “Biz Moskwada kabul edilen başlangyçlary iş ýüzüne geçirmäge taýar” diýdi.



Degişli Habarlar