Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Terter welaýatynda ermeni güýçleriniň guran hüjümi sebäpli asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy

1499106
Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

 

Azerbaýjanyň Terter welaýatynda ermeni güýçleriniň guran hüjümi sebäpli asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, ermeni güýçleriniň düýn agşamara Terter welaýatynyň Şyrarh etrapçasyna top atandygy nygtaldy.

Beýanatda hüjümde 2 doganyň ýogalandygy, asuda ilatdan 2 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň top atyşy sebäpli Terter şäher merkezinde düýn irden hem asuda ilatdan 1 adam ýogalypdy.

Naftalan welaýatynda hem öňňin top atyşy sebäpli şol bir maşgaladan orta mekdebiň okuwçylary bilen birlikde 5 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar