Hulusi Akar Serkerdeler Bilen Birlikde DKTR-na Gitdi

Ministr Akar bilen serkerdeler DKTR-da geçirilýän “Şehit Kapitan Jengiz Topel Ortaýer deňiz tupany 2020” türgenleşigine gatnaşar

1489942
Hulusi Akar Serkerdeler Bilen Birlikde DKTR-na Gitdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar serkerdeler bilen birlikde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gitdi.

Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler, Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Ümit Dündar, Deňiz güýçleriniň serkerdesi goşun admeraly Adnan Özbal we Howa güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Hasan Küçükakýüz bilen birlikde Antalýanyň Kaş etrabyna guran saparyndan soň DKTR-na gitdi.

Ministr Akar bilen serkerdeler DKTR-da geçirilýän “Şehit Kapitan Jengiz Topel Ortaýer deňiz tupany 2020” türgenleşigine gatnaşar.

Türgenleşik, Kipr Türk parahatçylyk güýçleri serkerdeligi bilen DKTR-nyň Howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we arkalaşygy güýçlendirmegi maksat edinýär.



Degişli Habarlar