Aliýew Erdogana 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli hat ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli hat ugratdy

1455878
Aliýew Erdogana 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli hat ugratdy

Agdarlyşyk synanyşygyň Türk döwletine garşy hyýanatçylykly bir meýilnama bolandygyny aýdan Aliýew, Erdoganyň garhrymançylygy we Türk halkynyň hem oňa beren goldawy saýasynda doganlyk Türkiýäniň bu kyn synagdan has hem güýçlenip çykandygyny belledi. 

Demokratiýa we Milli jebislik gününiň Türk halkynyň öz döwletine we demokratik däplerine baglylygynyň açyk bir mysalydygyny aýdan Aliýew: "Agdarlyşyk synanyşygynyň öňüni almak üçin janlaryny pida eden şehitleri uly hormat bilen hatyralaýaryn. Azerbaýjan hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyny ilkinji minutlardan başlap ýazgardy. Azerbaýjanyň halky we döwleti doganlyk Türkiýäniň ýanyndadygyny görkezdi. Azerbaýjan we Türkiýe Bir millet, iki döwlet ýörelgesine laýyklykda gowy we erbet günlerde hemişe biri-birlerine goldaw berýär" diýip belledi. 



Degişli Habarlar