Azerbaýjanda halk gijäni Milli Mejlisiň Öňünde Geçirdi

Azerbaýjan halky Prezidentden mobilizlenme yglan etmegini isleýär

1455394
Azerbaýjanda halk gijäni Milli Mejlisiň Öňünde Geçirdi

Azerbaýjanda Ermenistanyň harby goşunlarynyň guran hüjümlerini we Daglyk Garabagyň basylyp alynmagyny protest eden halk gijäni mobilizlenme talaby bilen ýygnanşyp, Milli Mejlisiň öňünde geçirdi.

Ermenileriň ýekşenbe gününden bäri Azerbaýjanyň harby goşunlarynyň serhetdäki pozisiýalaryna guran hüjümleri we şol hüjümlerde çekilen adam pidalaryny protest etmek üçin müňlerçe adam köçelere çykdy.

Paýtagt Bakuwda we golaýdaky şäherlerde ýaşaýan raýatlar agşam ara paýtagtyň köçelerinde kortež emele getirdiler.

Ellerinde Azerbaýjan baýdaklaryny göteren we “Garabag biziňki, biziňki bolmagynda galar” şygarlaryny aýdan raýatlar, Milli Mejlisiň öňünde jemlenşdiler.

Müňlerçe adam şol ýerde mobilizlenme yglan edilmegi üçin şygarlar aýtdylar.

“Şehitler ölmez, watan bölünmez” we “Serkerdebaşy, bize ýarag ber” şygarlaryny aýdan halk, gijäni Mejlisiň öňünde geçirdi.

Ermeni goşunlary 12-nji iýulda serhediň Towuz etrabynda Azerbaýjanyň harby pozisiýalaryna hüjüm synanşygyny edip, Azerbaýjan goşunlarynyň gaýtawul görkezmegi sebäpli ýitgi çekip, yza çekilipdi.

Çaknyşykda Azerbaýjan goşunlaryndan biri uly seržant 4 esger ýogaldy, 4 esger ýaralanypdy.

Düýn hem dowam eden çaknyşyklarda Azerbaýjanyň harby goşunyndan biri general maýor jemi 7 esger şehit bolupdy.



Degişli Habarlar