Prezident Erdogan Nursoltan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasy telefon söhbetdeşligi bilen bagly beýanat berdi

1450149
Prezident Erdogan Nursoltan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Gazagystan Respublikasynyň esaslandyryjysy Nursoltan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata gör, telefon söhbetdeşliginde Erdogan Nazarbaýewi dogulan güni bilen gutlady, oňa jan-saglyk we uzak ömür arzuw etdi. 

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirjek ädimler bilen birlikde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş ýaly ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar