Ukrainada Krym Tatarlarynyň Milli baýdak güni mynasybetli dabara geçirildi

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde Krym Tatarlarynyň Milli baýdak güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

1444461
Ukrainada Krym Tatarlarynyň Milli baýdak güni mynasybetli dabara geçirildi

Ukrainanyň Daşary işler ministrligindäki dabara, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Krym Tatar halkynyň lideri Mustafa Abdüljemil Kyrymogly we Krym Tatar Milli mejlisiniň başlygy Refat Çubarow gatnaşdy. 

Dabaranyň çäginde Krym Tatarlaryna degişli Altyn Darak tagmaly baýdak galdyryldy. 

Kuleba ol ýerde eden çykyşynda, Krym Tatarlarynyň baýdagynyň Ukraina üçin möhümdigini belläp: "Bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krymda galan Tatarlaryň goralmagy we Krymyň basyp alyjylygyndan azat edilmegi biz üçin hemişe ileri tutulýan ugur bolar" diýip belledi. Ministr Kuleba Ukrainananyň we Tatarlaryň baýdagynyň Krymda pasyrdamagy üçin göreş alyp barjakdyklaryny habar berdi. 

Krym Tatar Milli mejlisiniň başlygy Refat Çubarow güniň ähmiýetiniň üstünde durup geçip: "Ukrainanyň baýdagy bilen tatarlaryň baýdagynyň Krymda pasardajakdygyna ynanýaryn" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #baýdak , #Krym tatar , #Ukraina

Degişli Habarlar