Türkiýäniň Türkmenistanda ýaşaýan süýjikesel we gidrosefaliýa bilen kesellän raýaty ýurda getirildi

Süýjikesel we gidrosefaliýa keseli bilen kesellän çaganyň saglygyna ýaramaz täsir ýetmezligi üçin uçaryň aşakdan uçandygy aýan edildi

1440707
Türkiýäniň Türkmenistanda ýaşaýan süýjikesel we gidrosefaliýa bilen kesellän raýaty ýurda getirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýaşaýan süýjikesel we gidrosefaliýa bilen kesellän türk raýaty 9 ýaşyndaky çaga, tiz kömek uçary bilen Türkiýä getirildi. 

Türkiýäniň raýaty bolan 9 ýaşyndaky Nihal Naz Aýdyny getiren tiz kömek uçary şu gün irden Ankara Esenboga howa menziline gondy. 

Süýjikesel we gidrosefaliýa keseli bilen kesellän we 80 gün bäri Aşgabat şäherinde hassahananyň reanimasiýa bölüminde ýatan Türkiýäniň raýaty 9 ýaşyndaky Nihal Naz Aýdyn, geçirilen gözegçilik işlerinden soň, howa menzilinde garaşdyrylan tiz kömek ulagy bilen Ankara Şäher hassahanasyna alynyp gidildi. 

Süýjikesel we gidrosefaliýa keseli bilen kesellän çaganyň saglygyna ýaramaz täsir ýetmezligi üçin uçaryň aşakdan uçandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar