“DKTR-da Prezident Saýlawlary Möhletinden Ir Geçirlip Bilner”

Bu beýannama Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy tarapyndan berildi

1438707
“DKTR-da Prezident Saýlawlary Möhletinden Ir Geçirlip Bilner”

Prezident Akynjy Baýrak radio-teleýaýlymynda gatnaşan göni ýaýlymynda soraglara jogap berdi.

DKTR-da 61 günden bäri koronawirusa ýoluganyň ýokdugyny beýan eden Akynjy, ertir Respublika Mejlisinde wekilçilik edilýän partiýalaryň liderleri bilen duşuşjakdygyny we saýlawyň möhletin ir geçirilmegini gün tertibine getirjekdigini aýtdy.

Saglyk taýdan ähli şertler kadaly bolan halatynda 11-nji oktýabra garaşman, saýlawyň möhletinden ir geçirilip bilinjekdigini aýdan Akynjy: “Mejlis iýun aýynyň ahyryna çenli ýetişse 16-nji awgustda birinji tapgyr, eger 2-nji tapgyr bolmaly bolanda 23-nji awgusta geçirip bileris. Men wagt boýunça hem partiýalaryň liderleri bilen pikir alyşaryn. Eger olar hem meni goldasalar halkyň gün tertibinden saýlawy çykarmak iňňän ýerlikli bolar” diýdi.



Degişli Habarlar