Ankara şäherindäki Atakule binasy Azerbaýjanyň baýdagy bilen yşyklandyryldy

Ankara şäheriniň nyşanalaryndan biri bolan Atakule binasy, Türkiýäniň Azerbaýjan bilen jebisligini görkezmek maksady bilen doganlyk ýurdyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

1397593
Ankara şäherindäki Atakule binasy  Azerbaýjanyň baýdagy bilen yşyklandyryldy

Azerbaýjan Türkiýäniň täze görnüş koronawirusa garşy göreşine goldaw bermek maksady bilen 11-nji aprelde Baku şäheriniň täze binagärçilik simwollaryndan biri bolan Haýdar Aliýew merkeziniň diwaryny Türkiýäniň baýdagy bilen bezäpdi. 

Türkiýe hem şol sebäpli Azerbaýjan bilen bolan ýakynlygyny, jebisligini we doganlygyny bildirmek maksady bilen Atakule binasyny, doganlyk ýurdyň baýdagynyň reňkleri bolan gök, gyzyl we ýaşyl reňkleri bilen bezedi. 

Binanyň ýokarysyndaky ekranda bolsa "Iki döwlet bir millet, jan Azerbaýjana hormat bilen" ýazgysy ýazyldy, söwda merkeziniň öňündäki ekranda bolsa iki ýurdyň baýdaklary görkezildi. 



Degişli Habarlar