Baku şäherindäki Haýdar Aliýew merkeziniň diwarlary Türkiýäniň baýdagy bilen bezeldi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň täze binagärçilik nyşanalaryndan bolan Haýdar Aliýew merkeziniň diwary Türkiýäniň baýdagy bilen bezeldi

1396302
Baku şäherindäki Haýdar Aliýew merkeziniň diwarlary Türkiýäniň baýdagy bilen bezeldi

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşine Azerbaýjanyň goldawyny görkezmek maksady bilen Azerbaýjanyň baýdagynyň ýanynda Türkiýäniň baýdagy hem şöhlelendirildi, türk halk sazlary ýaňlandyryldy. 

Türkiýäniň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erkan Özoral: "Şu gün Türkiýäniň we Azerbaýjanyň baýdaklary Haýdar Aliýew merkeziniň diwarynda şöhlelendirildi. Iki doganlyk ýurtlaryň baýdagynyň bir ýerde pasyrdamagy bizi örän bagtyýar etdi. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň biri-birlerine bolan ýakynlygyny, jebisligini we doganlygyny görkezýän örän owadan bir pursada şaýat boldyk" diýip belledi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa mesele barada: "Baku şäheriniň simwollaryndan bolan Haýdar Aliýew merkezinde koronawirusa garşy göreşiň çäginde, Türkiýäniň baýdagy Azerbaýjanyň baýdagy bilen birlikde pasyrdaýar. Bir millet, bir ýürek! Türkiýäniň baýdagy, Azerbaýjanyň baýdagy. Bilelikde hötdesinden geleris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #baýdak , #Baku , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar