Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy

Prezident Erdogan Zagulba köşgünde kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

1366017
Prezident Erdogan Azerbaýjana bardy
erdoğan aliyev.jpg

 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident Erdogan Zagulba köşgünde kärdeşi Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen birlikde Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan hem gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaki gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde şeýle hem gün tertibinde esasy orun eýeleýän sebitara we halkara meseleleryň seljerilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar