Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, resmi sapar bilen Ankara geldi

Özbek lideri Şewket Mirziýoýew, Prezidentiň kompleksinde, Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

1362595
Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, resmi sapar bilen Ankara geldi

 

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, resmi sapar bilen Ankara geldi.

Prezident Erdoganyň myhmany hökmünde Ankara gelen Özbek lideri Şewket Mirziýoýew, Prezidentiň kompleksinde, Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, saparyň çäginde Prezident Erdogan bilen kärdeşi Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty geçirler.

Liderler iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni, transport we infstruktura pudagynda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Türkiýäniň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşjak Mirziýoýew, Prezidentiň Millet kitaphanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.



Degişli Habarlar