Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew ertir Türkiýä geler

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türkiýede saparda bolar

1361692
Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew ertir Türkiýä geler

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, fewral aýynyň 19-20-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.

Sputnigiň berýän habaryna görä, “Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Prezident R. T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda fewral aýynyň 19-20-i aralygynda Türkiýede saparda bolar”.

Saparyň çäginde Prezident Erdogan bilen kärdeşi Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty geçirler.

Liderler iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni, transport we infstruktura pudagynda edilýän gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Türkiýäniň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşjak Mirziýoýew, Prezidentiň Millet kitaphanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar