Wengriýa 2023-nji ýyldan başlap Azerbaýjandan 1-2 milliard kub metrlik gaz alar

Babaýew Azerbaýjanly 200 talyba berilýän stipendiýa sebäpli wenger hökümetine sagbolsun aýtdy

1360065
Wengriýa 2023-nji ýyldan başlap Azerbaýjandan 1-2 milliard kub metrlik gaz alar

 

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Szižžarto, 2023-nji ýydan başlap Azerbaýjandan Wengriýa ýylda 1-2 milliard kub metrlik tebigy gazyň akdyrlyp bilinjekdigini aýtdy.

Peter Szižžarto, resmi sapar bilen Wengriýa baran Azerbaýjanyň Sosial üpjünçilik ministri Sahil Babaýew bilen duşuşdy.

Szižžarto bilen Babaýew duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Ýewropa ýetirjek TANAP tebigy gaz turba geçirijisi taslamasynda soňky tapgyra ýetilendigini nytan Peter Szižžarto, Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Wengriýa gelmegi bilen ýurdunyň tebigy gaz üpjünçiligi meselesinde başdan geçirilýän kynçylygynyň ortadan aýryljakdygyny belledi.

Azerbaýjanly ministri Babaýew iki ýurduň syýasy we ykdysady taýdan ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady.

Babaýew Azerbaýjanly 200 talyba berilýän stipendiýa sebäpli wenger hökümetine sagbolsun aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar